Soňky ýyllarda smartfon dünýäsinde dartgynly bäsleşik dowam edýär. 2022-nji ýylyň birinji çärýegi hem tamamlandy. Analiz kompaniýasy bolan «Canalys» şu ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlary yglan etdi.
«Samsung» 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde 73,7 million smartfon satdy. «Canalys»-yň maglumatlaryna görä, bu döwürde Samsung möhüm smartfon öndüriji kompaniýalaryň biri hasaplanýan «Apple»-y yzda galdyryp, sanawda ilkinji orny eýelemegi başardy.
Häzirki döwürde «Apple» kompaniýasy birneme yza galdy. Diňe «iPhone SE 2022»-ni hödürlän kompaniýa 56,5 million satuw görkezijisi bilen sanawda ikinji orny eýeleýär.
«Apple» ikinji orunda dursa-da, sanawda ýyllyk ösüşi gazanan ýeke-täk kompaniýadyr. Sanawyň üçünji ornunda bolsa «Xiaomi» durýar.
«TürkmenGazet».