Özbegistanly hatdat mukaddes Gurhan kitabyny göçürip, gaýtadan ýazdy, diýip, «Sputnik» neşiri ýazýar.
Samarkantly hatdat Abdujalil Ergaşow 60х80 ölçegdäki uly Gurhan kitabyny ýazdy. Bu hakda Özbegistanyň musulmanlar edarasynyň Samarkant welaýaty boýunça wekilligi habar berýär.
— Mukaddes kelamlar ýazylan kitaby 310 liste, ýagny 620 sahypa göçürdim. Bu işi üç ýylyň dowamynda amala aşyrdym — diýip, hatdat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Samarkant kagyzy özüniň berkligi, iki tarapyna ýazmak mümkinçiliginiň ýokarydygy hem-de suwa çydamlylygy bilen şöhrat gazandy. Şonuň üçin mukaddes kitap göçürilende şu kagyzdan peýdalanylypdyr.
«TürkmenGazet».