Çagalar gün-günden däl-de, sagatma-sagat ösýärler. Psihologlar käbir häsiýetleri çaga kiçilikden öwretmegi maslahat berýärler.
Ata-eneler, köplenç, çaga näme öwredýärler? «Ýolyşygyň gyzyl çyrasynda ýoly kesmeli däl», «Edilen ýagşylyga sagbolsun aýtmaly», «Ululara ýer bermeli» we ş.m. «Huffington Postuň» habar berşi ýaly, psihologlar çaganyň 10 ýaşyna çenli aşakdaky 10 zady bilmelidigini aýdýarlar:
- Gowy dost bolmagy, hususan-da, oglan ýa-da gyz dogany bolmadyk çagalara. Gysganç bolman, bölüşmegi başarmak çaga dost tapmaga kömek eder we bu endik oňa ömürboýy ýardam berer. Maşgala hemişe ýanynda bolmaýar, dostlaryňa bolsa diňe seniň özüň gowy dost bolan ýagdaýyňda daýanyp bolar.
- Özüňi gorap bilmek. Çagalar hemişe «biri bilen düşünişjek bolýarlar», biri-birinden oýunjaklary aljak bolýarlar, käwagt urşup hem başlaýarlar. Bu ýagdaýlardan gaçyp bolanok! Ýöne çagany şular ýaly ýagdaýdan galmagalsyz çykmagy öwretmek örän wajypdyr.
- Başgalaryň tarapyny çalmagy. Rehimli bolmak we özüňden gowşagyň tarapyny çalmak endigi çaga kiçilikden öwredilýär. Esasan-da, bu endik oglanjyklara degişlidir.
- Öz pikiriňe eýe bolmak. Çagalara hemmelere hem-de hemme zada öýkünmek häsiýeti mahsusdyr we bu adaty ýagdaýdyr. Ýöne çaga ösüp barýarka, ata-eneler oňa onuň aýratynlygyny we diňe oňa mahsus bolan häsiýetleriniň we ukyplarynyň bardygyny düşündirmelidirler we ol häsiýetleri ösdürmelidirler.
- Batyr bolmagy. Çagalar ýeňillik bilen üýtgetmeleri geçirýärler, täze zatlara synanyşmaga razy bolýarlar, olar özleri barada aýtmaga ýa-da bir zat barada soramaga çekinmeýärler. Çaga bu häsiýetleri çagalykdan uly durmuşa geçirmäge siz kömek ediň.
- Öz şahsy tärini gözlemäge. Ejeleriň, köplenç, egin-eşik we saç bilen tejribe geçirmäge wagtlary ýeterlik däl, şol sebäpli çagalar olar näme geýdirseler şony hem geýýärler. Siz, iň bolmanda, dynç günleri çaganyň özüne öz islegi boýunça egin-eşik saýlamaga hukuk beriň.
- Haýwanlara gowy seretmäge. Onuň üçin öý haýwanyny saklamak hökman däl. Köçede gezip ýören haýwanlara ― pişiklere, itlere seredip, çöregiň ownuklaryny kepderilere getirip, siz çaga başga jandarlara rehim etmegi öwredersiňiz.
- Şowsuzlykdan soň bir zady etmäge çalyşmaga. Başynda hemme zat agyr ýaly bolýar. Geliň, mysal hökmünde tigiri alalyň! Birinji gezekden sürüp bilen az-azdyr, ýöne dünýäde tigir sürýänler nähili köp?. Haçan-da, çaga bir zady başarmadyk ýagdaýynda, onuň birinji islegi ― başlan zadyny taşlamak bolýar. Çaga kynçylyklara garamazdan, dowam etmegi öwrediň. Bu durmuşda oňa örän ýardam berer.
- Köp zat barada arzuw etmek we zähmet çekmek. Arzuwlar nähili bolsa hem biziň durmuşymyzy ýagty edýärler ýöne olary durmuşa geçirmek üçin köp zähmet çekmelidir. Çagany onuň arzuwa tarap ýolunda goldaň we “Bu mümkin däl!”, “Sen muny edip başarmarsyň”, “Sen biderek yhlas edýärsiň” diýmäň.
- Her bir güne begenmek. Durmuşda hemişe ýeňil bolanok, her gün işiň ugruna bolanok. Ýöne biz yza gaýtmaly däldiris we indiki gün has begençli bolar. Çaga gynanmagyň gerek däldigini düşündiriň. Gowulyga tarap nämäni üýtgetmek bolar diýen sorag barada pikirleneniň has gowudyr.
Gülşat BEŞIMOWA,
Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň müdiri.