SliderŽurnalistiň sahypasy

Hiç kim unudylanok…

30-04-2022 / 9

Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi  1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janyny gurban edip, asuda we parahat durmuşy  saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşleriň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar.

Watan gerçekleri bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Watan üçin söweşip, ýalynly ýyllaryň içinden geçip, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen weteranlarymyz bu gün uly hormat-sarpa, hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hormatyna her ýylda ýurdumyzda Ýeňiş güni bellenilip geçilýär. Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Uruş weteranlarymyz şu günki gün bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda, parahat ýurtda, jenneti mekanda ýaşaýandyklaryna buýsanýarlar. Olar täze taryhy eýýamda bagtyýar türkmen halkynyň gazanýan üstünligine, belent sepgitlerine guwanyp, özleri hakda edilýän ummasyz aladalar, döredilýän şertler üçin eziz  hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar. Bimöçber aladalar gahrymanlarymyzyň ömrüne ömür goşýar.

Ine, bu günler Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, alnyp barylýan işleriň we duşuşyklaryň yzy üzülenok. Onda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň, ýaş hünärmenleriň, harby bölümlerden birnäçe esgerleriň  gatnaşmaklarynda weteranlarymyz, il sylagly ýaşulularymyz bilen terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklar, sergiler yzygiderli guralýar. Uruş weteranlarymyz, ýaşulularymyz ýaş nesle ahlak, watançylyk terbiýesini bermekde, olara ata Watana, ene topraga söýgi döretmekde nusgalyk mekdep bolup ýaşaýarlar. Biz muzeý işgärleri bolup, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda dabaralandyrmakda, olaryň Watanymyza, il-halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda, gahrymançylyk, edermenlik duýgylaryny döretmekde öz zähmetimizi gaýgyrmaýarys.

Dursunjemal SEÝIDOWA,
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu