29-njy aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlarydyr talyplary, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artistleriniň, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ömrümiň manysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlanan tanyşdyrylyş dabarasyna aýdymçy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň girelge zalynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitaplarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň çuň zehininden, baý durmuş tejribesinden dörän täze kitabynyň many-mazmun aýratynlygy, ýaş nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik, watanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, halkymyzyň ömri manyly ýaşamak, ýagşylyk etmek, haýyr-sahawatly işler bilen meşgul bolmak, özüňden ýagşy at galdyrmak ýaly asylly ýol-ýörelgelerini ýaşlara öwretmekdäki gymmaty barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de şeýle ajaýyp eserleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«TürkmenGazet».