Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby çapdan çykdy

30-04-2022 / 38

Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Bu hoş habary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr.

Kitabyň girişinde awtor — Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar.

Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.

Biziň halkymyzyň buýsanmaga zady köpdür. Şuny nygtamak bilen, milli Liderimiz jemleýji sözünde okyjylar bilen paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwüt-ündewlerini we taglymlaryny “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynda beýan etjekdigini belleýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu