
28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň taslamalary, dörediljek mümkinçilikler barada hormatly Prezidentimize hasabatlar berildi we degişli çözgütler kabul edildi.
«TürkmenGazet».