Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bölüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda doly ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmek meseleleri boldy. Bu uly möçberli çärä taýýarlyklaryň çäklerinde ýurdumyzda depginli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
«TürkmenGazet».