Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.
«TürkmenGazet».