27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi.
Soňra türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem ünsli tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.
«TürkmenGazet».