Şu gün — mukaddes Gadyr gijesi. Remezan aýynyň mukaddes gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady.
Gutlagda: «Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris. Şoňa görä-de, milletimizi has-da jebisleşdirýän baýramlarymyzy we senelerimizi dabaraly belläp geçmek däbine eýerip, Gudraty Güýçli Beýik Allatagala tarapyndan keramatly Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýýarys. Müňýyllyklardan gözbaş alýan dini we dünýewi ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalaryny berip, birek-birege hoşamaý sözleri aýdýarys, tarawa namazlaryny, aýat-töwirleri okap, Garaşsyz Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň, beýik maksatlarymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna alkyş-dilegleri edýäris» diýlip bellenilýär.
«TürkmenGazet».