26-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» agzalarynyň gatnaşmagynda «Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynyň baş temasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnunyň baş mowzugydyr. Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň her oýnunyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar bilen ýörite okuw sapaklary geçirilýär. Mundan başga-da, ýaş çaparlar üçin ýurdumyzyň taryhy ýerlerine ýörite gezelençler guralýar. Olar gezelenjiň dowamynda şanly geçmişe gaýybana syýahat edýärler.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Kakabaý Amanmyradow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Agajan Ataýew çykyş etdiler. Halypa taryhçylar çykyşlarynda türkmenleriň Hindistanda we Orta Gündogarda guran döwletleri we olaryň alyp baran diplomatik gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep okuwçylary halypa taryhçylara özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berip, gerekli maglumatlaryny aldylar. Ýaş çaparlaryň bu okuw sapagynda özleşdiren maglumatlary olara bäsleşigiň dowamynda uly ýardam eder.
Bu okuw sapagyna «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bolan agzalary sanly ulgamyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Şu ýylyň 27-nji aprelinde bolsa Ýaş diplomatlaryň mekdebiniñ agzalary üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guralar we şol ýerde Parfiýanyň diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanan göçme okuw sapagy geçiriler.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.