SEN ÝOK… SEN ÝOK…
“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner…”
(aýdymdan)
Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.
Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.
Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.
Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.
Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.
Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.
Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.
Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.
GÖWÜN SENSIZLIGE ÖWRENŞIP BARÝAR…
Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem,
Arzuw etdim, islemedim artyk zat.
Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da,
Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap.
Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi,
(Kemje-kerdem däl islenmek hiç kese.)
Söýen sähel zatdan dilgir bor eken,
Garaşany gelmese ýa giçlese…
Men şuňa düşündim, duşdum-da saňa:
Hasabyna jür ekeni dünýämiz,
Hem herimiz aýry dünýä öýderdim,
Asyl biziň bir ekeni dünýämiz.
Ýüzümi asmadym gideniň üçin,
Ýöne ýatlamalar boýnumy burýar.
Göwün ümsümlige öwrenşen ýaly,
Göwün sensizlige öwrenşip barýar…
Sapa HOMMADOW.