
Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.
Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.
Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.
Talabyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.
Ýer togalagynyň çat açandygyny bilýärmiň?
“Çepiňe ýatyp turan ýaly…” diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.
Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.
Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.
Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.
Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.
Burun kesmeseňem ganaýar.
Sögüşmek uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.
Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?
Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.
Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.
Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.
Almany göge oklaňsoň, gapmaly.
Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.
Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.
Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.
Öleniň öňüne düşmeli däl.
Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.
“Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!
Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.
Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.
Atajan ANNABERDIÝEW.