2001-nji ýyldan bäri her ýylyň 26-njy aprelinde Halkara intellektual eýeçilik güni giňden bellenilýär. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Baş Assambleýasy (WIPO) 1999-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiren ýygnagynda Hytaý wekiliýetiniň teklibi esasynda bu baýramçylygy bellemek kararyna gelindi.
Halkara intellektual eýeçilik güni gündelik durmuşda innowasiýalaryň we jemgyýetiň gowulaşmagynyň ähmiýetini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu geçirilýän çäreleriň umumy maksady dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Halkara intellektual eýeçilik guramasynyň wezipelerini çözmeklige, intellektual eýeçiligiň nämedigini we ony goramak ulgamynyň ösüşiniň köp ugurlarynyň ösmegine nähili goşant goşýandygy barada jemgyýete habar bermekden ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, intellektual eýeçilik gününiň çäginde her ýyl belli bir mowzuga bagyşlanýar. Şeýlelik bilen, dürli ýyllarda bu gün: “Bu gün geljegi döretmek”, “Intellektual eýeçiligi öz işiňize öwüriň”, “Hemmesi bir pikirden başlanýar”, “Durmuşyň hilini ýokarlandyrmak”, “Üýtgeşmäniň hereketlendiriji güýji: innowasiýa we döredijilikli zenanlar” ýaly şygarlar bilen her ýylda Halkara giňişliginde giňden bellenilip geçilýär.
Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.