- Ylym bu adamzadyň giň gözýetimidir, düýpsiz guýydyr.
- Ylym bir akyp duran derýadyr, sen ondan näçe içseňde azalmaýar.
- Ylym almagyny dowam etdirýän adam, ol göýä bir ylym äleminde syýahatçydyr.
- Üns ber! Seniň döreden iň uly işleriň sebäpkäri hem ylymdyr.
- Seniň alan ylymyňy hiç kim eliňden alyp bilmez, emma sen olara berip bilersiň.
- Sen juda baý, çünki seniň ylymyň bar.
- Ylym adamzadyň içki dünýäsini giňeldýär.
- Ylym seni hiç wagt hor etmez.
- Ylymyň esasy gözbaşy okamakdyr.
- Ylyma bolan höwes seni ylymly adam eder.
- Ýersiz ýere sarp etýän boş wagtyň bir bölejigini ylyma gönükdirsediň, onda bir zatlar öwrenersiň. Ylym seni diňe kämillige tarap alyp gider.
- Durmuşda akyl ýetirip bilmeýän zadyňy ylym öwreder.
- Ylym seni belent sepgitlere ýetirer.
Gülälek AKMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň müdiri.