Çaga şahsyýetiniň kemala gelmeginde bilimiň we terbiýäniň utgaşykly guralmagyny şertli ýagdaýda demir ýoly emele getirýän iki rels hökmünde göz öňüne getirmek bolar.
Çagalar bilen bilim we terbiýe işiniň utgaşykly, şol bir wagtyň özünde netijeli guralmagynda mugallymyň hünär taýýarlygy aýratyn orna eýedir. Ol durmuşyň ähli ugurlaryndan baş çykarýan , şähdaçyk we köptaraplaýyn bilim-düşünjeli bolmalydyr. Mugallymyň alyp barýan işinde her bir sapakda bilim hem-de terbiýe aýrylmaz baglanyşykly bolmalydyr. Ol geçýän sapagynyň üsti bilen çaga jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, daşky dünýä bilen sazlaşyk saklamagyň ähmiýetini öwretmelidir. Şol bir wagtyň özünde geçýän temasy baradaky ilkinji düşünjeleri bermegi hem başarmalydyr.
Mugallym bilim we terbiýeçilik işini sazlaşykly gurnaýan wagty ata-eneler bilen işjeň aragatnaşyk saklamagy hem unutmaly däldir. Çünki çaga wagtynyň köp bölegini maşgalada – öz ata-enesiniň, ýakynlarynyň ýanynda geçirýär. Öwrenenlerini ýakynlaryna görkezmäge, öz bilýänjelerini ykrar etdirmäge, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapmaga çalyşýar. Öýde döredilýän mümkinçilikler çaganyň şähdaçyklygyna, öwrenenlerini netijeli özleşdirip bilmekligine uly täsir edýär. Şonuň üçin mugallym ene-atalar bilen çaganyň ýagdaýy, kabul ediş derejesi, başarnyklary, çaganyň ýaşy we geljekki durmuşy barada yzygiderli maslahatlaşyp durmaly. Çaga ösüşiniň psihologik aýratynlyklary, oňa pedagogik çemeleşmeler, çaga dünýäsiniň täsinlikleri, olar üçin oýunlaryň ähmiýeti barada düşünjeler bermeli. Ata-eneleri çaganyň bilim we terbiýesini utgaşykly gurnamagyň ähmiýeti, onuň çaganyň geljekki hünäri we durmuşynda tutýan orny barada gyzykly maglumatlar bilen tanyş etmeli, özara sazlaşykly iş alyp barmaga çagyrmaly.
Umuman alanymyzda, başlangyç synplarda sazlaşykly iş usullarynyň ulanylmagy garaşylan netijä ýetmegiň esasy serişdesidir.
Oguljan JUMAÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.