Habarlar

Pagtanyň täze «Ýolöten-39» milli sorty synag edilýär

25-04-2022 / 27

Şu ýyl ýerli hünärmenleriň işläp taýýarlan «Ýolöten-39» görnüşli pagta öňki däp bolan görnüşleriniň üstüni doldurdy. Ol häzirlikçe az ýere ekilýän hem bolsa, hünärmenler pagtanyň bu görnüşiniň ýerli howa şertleri bilen uýgunlaşyp, bol hasyl berjekdigine umyt baglaýarlar, diýip, «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki çylşyrymly howa şertleri tohum seçgisinde şol ýeriň toprak howa şertlerini göz öňünde tutmalydygyna ekerançylar uly üns berýärler. Pagtanyň synag edilýän bu görnüşi üçin dokma senagatynyň talaplaryny göz öňünde tutmak, ýerli howa şertleri bilen uýgunlaşmagy, kesellere durnuklylygy, ýokary hasyllylygy, süýümiň berkligi we uzynlygy hem-de ekologiýanyň talaplaryna gabat gelmegi hökmany şert bolup durýar. Şonuň üçin pagta tohumyny ýetişdirmekde we sebitiň oba hojalykçylaryny ýokary hilli tohum bilen üpjün etmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär. Bu gymmatly çig malyň täze görnüşlerini oýlap tapmak üçin uly işleri alyp barýarlar. Gubadag etrabyndaky ylmy-önümçilik merkezinde soňky ýyllarda pagtanyň ýerli we daşary ýurtly görnüşlerini sapmak bilen ýerli şertlere uýgunlaşan görnüşlerini döretmek boýunça ylmy işleri alyp barylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu