24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan türkmen alabaýyna ünsi çekdi hem-de hormatly Prezidentimize Tatarystanda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren Akdost atly alabaýynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.
«TürkmenGazet».