
24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Bu ýerde däp bolan baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi hem-de umumymilli baýramyň çäklerinde guralan bäsleşikleriň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy. Dabaralara ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan «Buýsançly bedew» atly ajaýyp haly sowgat berildi.
«TürkmenGazet».