Saz sungatynyň ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertler, bäsleşikler, dürli dabaralar şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Şeýle şowhunly konsertleriň biri-de şu gün — 23-nji aprelde konserwatoriýanyň kiçi zalynda «Bahar ylhamy» ady bilen geçirildi. Ýaş kompozitorlaryň eserlerinden düzülen bu konsert diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.
Konsertde konserwatoriýanyň talyplary Perman Täşliýewiň «Sonatina», Mekan Sultanowyň «Kerwen», Begmyrat Hudaýberdiýewiň «Tema we wariasiýalar», Ýazgeldi Gulanowyň «Düşdüň meniň ýadyma», Arslan Ýagşynazarowyň «Prelýudiýa», Döwran Şammyýewiň «Fantaziýa», Nurmuhammet Jomartowyň «Bagyşlama» atly ajaýyp sazlary, Annageldi Annaýewiň «Uýajyklarym», Alişer Bazarowyň «Durna», Saparmyrat Baýlyýewiň «Türkmenistan» atly aýdymy ýaňlandy. Ýaş kompozitorlaryň eserlerini konserwatoriýanyň mugallymlary Stella Faramazowa, Didar Ýomudow, Amannazar Arslanow, talyplary Erjel Ýagşymyradow, Azat Bazarow, Ýagşygül Omarowa, Şemşat Gurbanowa, Şirhan Batyrow, Kowus Bäşimow, Annoraz Döwletow, Şanur Esenýazow dagylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirdiklerini bellemek gerek. «Kompozisiýa we gurallama» kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen bu konsertde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň aglaba bölegi ilkinji gezek ýerine ýetirildi.
Konserwatoriýada kompozisiýa hünärinden talyplara Türkmenistanyň halk artistleri Baýram Hudaýnazarow, Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Suhan Tüýliýew, ilkinji zenan kompozitor Jeren Gurbangylyjowa, Meret Annamyradow, Kerimguly Garowow ýaly tanymal kompozitorlar bilim berýärler. Şu halypalaryň ýolbaşçylygynda ýaş kompozitorlarymyz täze-täze eserleri döredip, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşarlar diýip umyt edýäris.
Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby.