Şu gün — 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda ahalteke atlarynyň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýeňijiler şeýle kesgitlenildi:
Haly eserini döretmek boýunça: Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy», «Şagadam» atly eserleri;
Zergärçilik eseri boýunça: Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Möwlamberdi Annaýew, «At şaý-sep toplumy» atly eseri;
Surat eseri boýunça: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň mugallymy Batyr Soltanow «Türkmen bedewi» atly nakgaş eseri;
Heýkel eseri boýunça: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nury Sary adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow, «Galkynyş topary: Akhan, Kanun, Ruhubelent» atly heýkel toplumy;
Neşir önümi boýunça: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew, «Kanunyň portreti» atly foto işi;
Teleoperatorçylyk işi boýunça: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Teleoperator bölüminiň teleoperatory Baýmuhammet Gylyjow, «Gözel bedewler» atly wideo şekili.
«TürkmenGazet».