Habarlar

Gadyr gijesiniň öň ýanynda 514 raýatyň günäsi geçildi

23-04-2022 / 4

22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda jenaýat edendigi üçin iş kesilen 514 raýatyň günäsi geçildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunlukda, jenaýat edendigi üçin iş kesilen 514 raýatyň günäsi geçilip, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu