22-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIV ylmy maslahat geçirildi.
Diýarymyzda indi on dördünji gezek geçirilýän däp bolan ylmy maslahatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň degişli Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji aprelde gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Şirmyrat Kakamyradowiç Agamyradow; Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Salyh Nuraliýewiç Rahymow; Aşgabat şäherinden hususy atşynas Baýmyrat Aşyrow; Balkan welaýatyndan hususy atşynas Kerimberdi Ýegengylyjow; Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Şukur Dädişowiç Seýlibaýew; Lebap welaýatyndan hususy atşynas Şamurat Gündogdyýew; Mary welaýatyndan hususy atşynas Yhlas Hojageldiýewiç Potraýew «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldular.
«TürkmenGazet».