Siziň üçin...Slider

Atçylyk bilen gyzyklanýan bolsaň…

Atçylyk bilen baglanyşykly adalgalar we maglumatlar

22-04-2022 / 18

Ahalteke aty — türkmen halkynyň göz guwanjy bolup, asyrlar boýy arzylanyp gelnen  iň gadymy arassa ganly bedew at.

Atyň tebigy hereketleri — dogabitdi bolup, olara ýöriş ýa-da ädim, gorgun ýa-da loňkuldama, ýorga we öňürdik-ylgaw degişli.

Öwredilen hereketler — seýislemek, türgenleşdirmek arkaly atlara ýörite öwredilýär. Ýokarlygyna we uzynlygyna böküş, her dürli şirkde görkezilýän hem gezim oýunlary oňa degişlidir.

Atly türgen — sporta gatnaşýan atlary türgenleşdirýän, ýaryşlara taýýarlaýan adam.

At oglan — at münmäge we çapmaga ukyply ýetginjek.

Atyň atlanary — atyň çep tarapy.

Seýis — atlary çapuw ýaryşlaryna taýýarlaýan atçy hünärmen.

Aýlaw — at çapyşyklaryň we atçylyga degişli dürli ýaryşlaryň geçirilýän ýeri.

Gaýdyş pelle — at çapyşyklaryna hem atçylyk sporty boýunça ýaryşlara badalga berilýän ýer.

Çapuw hereketi — öňürdikleme hereketiniň bir görnüşi, atyň doly güýjünde ýokary tizlikli hereketi.

Toýhana — at çapyşygynyň ýeňijileriniň hasaba alynýan soňky ýörite sütün bilen bellenen pellesi. Toýhana sütüni tomaşaçylara gowy görner ýaly münberiň öňünde ýerleşýär.

Emin — at çapyşygynyň, atçylyk sport ýaryşlarynyň düzgüne laýyk geçirilmegine gözegçilik ediji.

Athana — ýörite at saklanýan ýer.

Iým ahyr — athanalaryň içindäki teblehanalarda iým salnyp, atyň iýmlenýän ýeri.

Attorba — halyça ýa-da kilimçe görnüşinde dokalýar. Onuň içine bir iýerlik iým salnyp, atyň agzyna geýdirilip, bagy ýeňsesinden daňylýar.

Nal — çapuw atlar üçin demirden ýasalyp, atyň toýnagyna şikes ýetmeginiň öňüni alýar. Bedew atyň aýagyny ynamly basmaga, dogry goýmaga ýardam edýär.

Rişme, teble — atyň kellesine salyp iýtmek, töwerekleýin aýlamak we daňmak üçin ýüp.

Debsilemek — atyň böwrüne aýagyň bilen kakyp, hereketini çaltlandyrmak.

Depgin — atyň dört aýagynyň gezekli-gezegine ýa-da jübüt-jübütden bir aýlaw hereketi.

Çowgan — atly top oýny.

Marafon at çapyşyklary — uzak aralyklara, 25 kilometrden 160 kilometre çenli aralyga geçirilýän at çapyşyklary.

Toplan: Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Döwletli etrap komitetiniň statisti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu