
Nusgawy eserleri okaň!
Çaklamalara görä, ýazylan hiç bir eser 100% hakyky däldir. Ähli sungat işgärleri biri-birlerinden täsirlenýärler. Sungatyň dürli ugurlaryndaky nusgawy eserler bilen tanyşmak sizde garaýyşlary döredip biler.
Döretmegiň şanyna dörediň!
Müşderiler bilen işleşmek, adamlaryň siziň işleriňizi halamagy ajaýyp zat. Emma käwagt adam ol zatlaryň içinde özüni unudyp hem bilýär.
Dörediji adamlaryň köp zatlary döredip başlamagy döretmegiň berýän lezzeti bilen bagly. Her bir myşsa ýaly, hyýal hem ösdürip bolýan zat. Şonuň üçin sebäpsiz ýere bir zatlar dörediň, soňunyň nähili boljagyny bilmegiň känbir zerurlygy ýok.
Täze perspektiw gözläň!
Daş-töweregiňizi synlaň. Çünki daşky gurşawymyz ylham beriji zatlardan doly. Başga göz bilen seredip görüň. Eger ylham alasyňyz gelýän bolsa, onda ylhamy garaşylmadyk ýerlerden gözläň.
Hemme duýgularyňyzy işjeňleşdiriň!
Bir proýekti gutaryp bilmän oturan bolsaňyz, perspektiwiňizi üýtgetmegi barlap görüň. Ýakynlaşyp, detallaryň her birine üns beriň-de, ýokardan, daşrakdan görüň. Bu siziň pikirlenişiňizi ýola goýup biler.
Entegem kelläňize näme etjekdigiňiz barada pikir gelmeýän bolsa, yslary deňäp görüň. Yslaryň aň bilen baglanyşýandygyny ylym hem subut edýär. Tanyş atyry sepinmek hem dürli ýatlamalary göz öňüne getirmegiňize kömek edip biler.
Taýýarlan Aýjemal KLYÇEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



