Habarlar

«Samsung» kompaniýasy aç-açan smartfonyň üstünde işläp başlady

22-04-2022 / 11

Soňky döwürde smartfonlaryň ekranlarynda täzeçe öwrülişikler boldy. Eplenip we aýlanyp bilýän ekranlar eýýäm hemmämize tanyşdyr. Geljekde düýbünden aç-açan, aýna ýaly aňyrsy görnüp duran smartfonlara duş gelmegimiz hem mümkin. «Samsung» häzirki wagtda bu tehnologiýanyň üstünde işläp başlady.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bolan «Samsung» geçen ýyl «Aç-açan şekillendiriş enjamy we şuňa meňzeş önüm öndürmegiň usuly» atly täze patent almak üçin ýüz tutupdyr. Tehnologiýa dünýäsiniň bu täsin dizaýny geljekde «Samsung» tarapyndan durmuşa geçiriler.

«SamMobile», «Samsung»-yň aç-açan telefon displeýleri üçin Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyna täzeden ýüz tutandygy barada hem habar berdi. Maglumatlara görä, programmada iki dürli dizaýnyň bardygy aýdylýar. Bu dizaýnlaryň ikisinde-de telefonyň baş ekranyndan uzalyp gidýän aç-açan bölüm ýerleşdiriler.

Tehnologiýanyň bu görnüşine eýýämden gyzyklanmalar örän ýokary. Esasy ekrandan uzalyp gidýän aç-açan bölüm, sanly obýektleri hakyky dünýädäki ýaly görkezip biler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu