SliderŽurnalistiň sahypasy

23-nji aprel — halkara iňlis dili güni

22-04-2022 / 8

Iňlis dili Birleşen Milletler Guramasynyň 6 sany resmi diliniň biridir. Halkara iňlis dili güni BMG tarapyndan 2010-njy ýylda ilkinji gezek bellenildi. Halkara iňlis dili güni her ýylyň aprel aýynyň 23-ine bellenilýär. Emma bu tötänleýin waka däldir.

Biziň bilşimiz ýaly, 23-nji aprel — beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň meşhur dramaturgy, iňlis diliniň ösüşine özüniň ägirt uly goşandyny goşan Wilýam Şekspiriň doglan güni hökmünde taryha  ýazylan senedir. W.Şekspiriň galamynyň ujundan 5 poema, 11 tragediýa, 17 komediýa we 154 sonetler çemeni döräpdir. Onuň meşhur dünýä belli eserleriniň arasynda «Romeo we Julietta», «Otello», «Gamlet», «Korol Lir» ýaly eserleri halk köpçüligi tarapyndan has hem söýlüp okalýar we sahnalaşdyrylýar. Mundan başga-da, meşhur ýazyjy iňlis diliniň leksikasyna 1000 sany täze iňlis sözlerini girizýär.

Humaý BERDINYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu