SliderŽurnalistiň sahypasy

Atyny söýenden a:t galar

Bedew barada aýdylan sözler maňzyňa bataýjak ajaýyp jümlelerdir

21-04-2022 / 24

A-hooow, Halaýyklar! Atyna el göteren, dostuny hem urup biler!

At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden.

At adamyň iň ýakyn dostudyr.

At — adamyň hemaýatkäri.

At — döwletlilik.

At içiniň soltany ýorga bolar.

At öz eýesini ysyndan tanarmyş.

At yzyna taý basar, geçi yzyna koý basar.

Awçy görmese it görer, it görmese at görer.

At ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez.

Atyny söýenden a:t galar.

At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp ýarygyny.

At basyşyndan belli, är — bakyşyndan.

At rysgaly alnynda.

At saklamak — han saklamak.

At üstüne müneni tanar.

At ýortuşda belli, gurt — ýyrtyşda, är — göreşde, batyr — söweşde.

At iýmeýän otuň biteninden bitmedigi ýeg.

Adam namartlasa, aty-da aýagyny ýitirer.

Seýis görmedik bedew ýolda çamanlyk tapar.

Bedew at menzil keser.

Ýaby — taýlykda, at — gulanlykda.

Taý ata ýetirer, at — myrada.

Taý ýetişse, at dynar, ogul ýetişse, ata.

Ýol uzak bolsa, aty gyssaman git.

Tanapy ýüpekden, üzeňňisi kümüşden.

Guşuň ganaty bolsa, goç ýigidiň aty bar.

BEDEW BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Toplan: Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu