
20-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.
Assosiasiýanyň mejlisine bagyşlanyp guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri, ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlar görkezildi.
Foruma pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, atşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara seredildi, assosiasiýanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Onuň Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp baran agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy, şeýle hem assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirip ýüz tutan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary agzalyga kabul edildi. Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«TürkmenGazet».



