Ýurdumyzyň döredijilik adamlary-nakgaşlar, kino-teatr işgärleri, aýdymçylar we sazandalar, şeýle hem talyp ýaşlar Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň 75 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalyna ýygnandylar.
Uly monitorda Akmyrat Çaryýewiň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýän suratlar, wideo şekiller, şeýle hem Alty Garlyýewiň «Mukamyň syry» filminden bölekler görkezildi. Bu filmde Akmyrat Çaryýew Döwranyň keşbini ýerine ýetiripdi.
Awtorlyk konsertde ýurdumyzyň belli aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler. Olar Akmyrat Çaryýewiň döreden, diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanan aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Konsertiň ahyrynda Akmyrat Çaryýewiň özi çykyş edip, öz döreden «Arkadagly Serdar» atly sazy bilen konserti jemledi. Akmyrat Çaryýewiň döredijiliginiň muşdaklary halk artistine hoşallyk bildirip, gül çemenlerini gowşurdylar.
«TürkmenGazet».