PsihologiýaSlider

Baltasar Grasian şeýle diýipdir…

20-04-2022 / 16
  • Akyl ähli baýlykdan ýokarda durýar.
  • Az sözle ¾ paýhas çyragy şudur.
  • Tekepbirlik bähbidiň öňüni örtýär.
  • Medeniýetsiz adamyň mertebesem ýarpydyr.
  • Kän akyl bilen ujypsyz erk ýaly aýylganç zat ýok.
  • Ajap zat mydama täkdir, seýrekdir, näme köp bolsa, şonuň gadyry azdyr.
  • Dost kim, kim dostlaşyp bilýän bolsa şol dost.
  • Hemme kişä degişli bolan özüne-de degişli däldir.
  • Ýeňil ýol bilen gazanylan üstünlik hyjuwyň göwnüni awlaýar.
  • Bilmek ¾ iň ynamdar goragdyr.
  • Oňaryp yza çekilmegem batyr hüjüm edençe bardyr.
  • Öwgüli sözlerden gaça dur.
  • Öte haýran galmak ýalana ýakyn.
  • Höküm etmek talanty berlen adamlar ¾ mynasyp şalardyr.
  • Pikir erkanadyr, oňa hiç wagt sütem edilmeli däldir.
  • Herki işde kämilligiň naýbaşyna, şol işe belli-külli ynananyňdan soň ýetip bilersiň.
  • Şaglap inip duran pikir çeşmesi bolmasa, söz bahym gurap galýar.
  • Saýlamagy başarmak, onda-da iň gowy zady saýlamaga türgenlik iki esse zyýadalykdyr.
  • Diňe kämil zatlar haýran galdyrýar.
  • Başarnygy taryplamak edil gämiçä şemal dek gerekdir.
  • Beýik kişi şöhratly işe baş goşýar.
  • Akylyň iň gymmatly sypaty haýsy zadyň möhümdigini aýny wagtynda aňýandygy.
  • Paýhas öz-özüň hakda oýlanmaga maslahat berýär.
  • Süýjüje «ýok» diýleni göwünsiz «bolýadan» has ýakymlydyr.
  • Hoş söz ýok işiň ýerini tutar.
  • Kynçylygy görmek üçin ep-esli akyl gerek, çykalga tapmak üçin bolsa ondan hem köpräk.
  • Aç-açan boýun gaçyrmazlygyň iň sypaýy usuly ¾ gürrüňi başga ýana sowmakdyr.
  • Elýetmezlik ¾ özüniň kimdigini bilmeýän adamlaryň aýbydyr.
  • Özgäniň şöhraty ýaly adam tekepbirligine gylaw berýän zat ýokdur.
  • Iliň ýüregini awlamak ¾ uly sungat.
  • Çenden çykmak çyny hem ýalan edýär.
  • Ýalaw näçe tiz ýandygyça, şonça tiz ýanyp gutarýar.
  • Kimem bolsa biriniň göwnünden turmany üçin kämil zat egsilmez.
  • Hakyky razylygyň ölçegi ¾ şöhratly hemem iş bilýän adamlaryň öwgüsidir.
  • Az geple ¾ jaý geple.
  • Herki hereket hemişe sözden howpludyr.
  • Çyn akyl nämäni ýazgarsa, şol hem paýhasa çapraz gelýär.
  • Gahar çendenaşa köp bolsa, elmydama dogry ýoldan sowýar.
  • Dostlaryňy ýitiresiň gelmeýän bolsa, olara gaty uly üstünlik arzuw etme.
  • Harytda utulanyňdan bahada utulanyň ýagşy.
  • Kime kän bagly bolsaň, şoňa-da köp çydamaly bolýaň.
  • Gürrüňçilikde-de edil wesýetnamadaky dek söz az bolsun, ýeňil bolar.
  • Bäsdeşiňden ätiýaç edip ägä bol, başgalar bilenem sypaýçylyk üçin ägä bol!
  • Aýdylmaýan zatda üýtgeşik bir syr bolýar.
  • Kim gürrüňçilikde aňsat içini açsa, ony ynandyrmak hem yz ýanyndan ýeňmek kyn däl.
  • Köplenç birileriniň bagty başga birileriniň betbagtlygyna dahylly bolýar.
  • Ýeňilýän bolmasa, ýeňýänem bolmazdy.
  • Rehimdarlygyň özem bir artykmaçlyk.
  • Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda aýna ýaly näzik bol!
  • Maslahaty diňlemek hem akylyň bardygyna güwä geçýär.
  • Hakykaty aýtmak üçin hem, ony gizlemek üçinem ukyp gerek.
  • Üstünlik ¾ seýrek bagtdyr.
  • Mertebesi uly adamlar ýagşylyk etmegi ýagşylygy kabul edenden zyýada görýärler.
  • Bilmeýändigine düşünýän adam bilýändir.
  • Yhlas mümkin däl zady hem bitirýär.
  • Bilim bulagyň gurap galmazlygy hemem ýagşylygyň paýawlamazlygy üçin, ussatlygyňy paýlaşmagy-da ussatlarça başarmak gerek.
  • Wagtynda eglişik etdigiň ¾ ýeňdigiň.
  • Asylly adam üçin mugt berlen zady üzmek ýaly gymmatly zat ýok.
  • Agraslyk ¾ ýaňralygyň çaklaýşy ýaly, kütek çäklilik däl-de, özüňe ynanmagyň netijesidir.

Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu