Habarlar

Sirkdäki çykyşlar şatlyk paýlady

20-04-2022 / 8

Düýn Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çykyşlary guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň joşgunly çykyşlary tomaşaçylary nobatdaky gezek haýrana goýdy. Dünýäniň bäş gezek çempiony bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň tomaşaçylary bendi etmek, haýrana goýmak däbi barha aýdyň ýüze çykýar.

Parahatçylygyň nyşany bolan akja kepderiler bilen başlanýan çykyşlaryň arasynda aýratyn hem milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen alabaýlarynyň, düýeleriň çykyşlary uly şowhun bilen garşylanyldy. Şu ýylky baýramçylyk çykyşlarynyň ýene bir täsinligi sahnada Afrika zebrasynyň çykyş edýänligidir. Akrobat ýigitler toparynyň, gimnast gyzlaryň howadaky çykyşlary, tälim berlen maýmynlaryň, şeýle-de masgarabazlaryň çykyşlary hem çäksiz şatlyk paýlaýar. Ertekileriň gahrymanlary — “Ýartygulak” bilen “Böwenjigiň” gülküli çykyşlaryny çagalar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu