Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guran bu çäresi «Bedewlerimiz — şöhratymyz-şanymyz» diýlip atlandyryldy.
Bu çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky bedew heýkellerine awtoulagly guralan gezelenjiň dowamynda ýazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, atşynaslar halkymyzyň milli gymmatlygy bolan behişdi bedewler barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
«TürkmenGazet».