19-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Onuň baş maksady taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak hem-de rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Çärä ýurdumyzyň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda dünýäniň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleridir bilermenleri gatnaşdylar. Olaryň aglabasy türkmen alymlary bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärliklerde geçirilen arheologik barlag-gözleg işlerine gatnaşan hünärmenlerdir.
Duşuşygyň barşynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitlerini wagyz etmegiň ähmiýeti bellenildi. Dünýäniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmen topragyndaky ýadygärliklerdir tapyndylar bu taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegidir.
Duşuşyga gatnaşyjylar we myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde halkara we milli arheologik ekspedisiýalaryň geçiren gazuw-barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi.
«TürkmenGazet».