- Rim imperatory Gaýus Kaligula atlara uly sarpa goýupdyr. Hatda iň gowy görýän atlaryndan birini senator edipdir.
- Bilşiňiz ýaly, adamlarda gan toparynyň 4 görnüşi bar. Bu san atlarda 8-e çenli ýetip bilýär.
- Öý hojalygynda saklanylýan atlaryň ortaça ömri 25 ýyl diýip kesgitlenýär.
- Sagdyn at skeletinde jemi 205 sany süňk bar.
- Ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň gymmatly jandaryň atdygyny bilýärdiňizmi?!
- Atlar 360 dereje görüşe eýedirler.
- Häzirki wagtda atlar köp keselleri bejermekde goldaw berýär. At – hormat, rehimdarlyk, aragatnaşyk we ynam bilen bagly kynçylyklary çekýän adamlara bejergi berýän bolsa, ysmazlyk we autizm ýaly saglyk meselelerinde bejeriş maksatly ulanylýar.
- Dünýäde 160-dan gowrak at görnüşi bardyr.
- Käbir maglumatlara görä, atlar gaýnadylan iýmitleri iýip bilmeýärler.
- Bir atyň ýaşyny takyk kesgitlemek üçin iň gowy görkeziji onuň dişleridir.
- Atlaryň adam seslerini seljermek ukyby hem bar. Şol pursatda sesinden ýylgyrýan adamyň duýgularyna düşünip biler.
- Awstraliýada XVIII asyra çenli at tapylmandyr. Şol döwürde sebitiň ýaşaýjylary tarapyndan getirilen at sebitiň tapawutlanmagyna-da uly goşant goşupdyr.
- Hasaplamalara görä, häzirki wagta çenli iň ýyndam at 88 kilometr tizlik gazanypdyr.
Azym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.