Ýakynda ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendagda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarany Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň etrap, şäher geňeşleri bilelikde guradylar.
Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň bir nyşanydyr. Şular dogrusyndaky söhbetler, bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar çäräniň özenini düzdi. Köýtendag etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýaş suratkeşler sungat eserleriniň üsti bilen bedewleriň waspyny etdiler. Soňra tebigatyň gözel ýerlerine gezelençler guraldy. Bu bolsa çärä gatnaşyjylaryň göwnüni has-da galkyndyrdy.
Hawa, türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp jandar. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.
Azat SEÝITNIÝAZOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.