
Iş ýa-da okuwa ir bilen turmak käwagt ählimiz üçin gynandyryjy ýagdaý ýaly duýulýar. Şonuň üçin hem bu ýagdaý kähalatlarda bize ýaramaz täsir edýär. Onda nädip güne has gujurly we bagtly başlap bileris?
Nahar iýmeli wagtyňyzy kesgitläň!
Käbirlerimiz gije ýatmazdan ozal iýip ýatmagy halaýarys. Şeýle-de bolsa, gijelerine iýmek bedeniňiziň çişmä sebäp bolýandygy sebäpli, ýatmazdan ozal az iýmäge çalşyň.
Soňky minutlara çenli garaşmaň!

Nähili egin-eşik geýjekdigiňizi hem-de ertesi gün näme etjekdigiňizi öňünden kesgitläň. Irdenden agşama çenli işiňiziň hiç birini ertire goýmaň.
Hökmany ertirlik ediniň!

Ertirlik edinmegi halamaýan bolmagyňyz hem mümkin. Ir säher bilen turup, ertirlik üçin bir zatlar taýýarlamagyň sizi ýadadýan bolmagy hem ahmal. Şeýle-de bolsa, ertirlik nahary günüň gowy başlamagy üçin örän möhümdir. Eger-de ir bilen gyssanýan bolsaňyz, onda ownuk bolsa-da, hoz ýa-da guradylan injir iýip bilersiňiz.
Çalt hereket etmäň!

Ir bilen oýanan badyňyza çalt hereket etmäň. Bedeniňiziň oýanmagyna biraz salym wagt beriň. Şeýlelikde, myşsalaryňyz açylar we özüňizi has rahat duýarsyňyz.
«TürkmenGazet».



