Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň uçar ganaty» atly döredijilik sergisi açyldy. Bu baýramyň şanyna ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendirmek we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisidir.
Bäsleşige ýurdumyzyň görnükli suratkeşleri, heýkeltaraşlary, halyçylary, zergärleri öz işleri bilen gatnaşdylar. Sergide ýerleşdirilen 400-den gowrak sungat eserinde bedew atyň çapyşy, çarpaýa galyp durşy, seýkin basyp uz ýöreýşi we mähirli bakyşy taryp edilýär. Nakgaşçylyk we grafika sungatyna degişli bedew portretleridir taslamalarynda şeýle ýordumlar çeperçilik usullarynda giňden suratlandyrylypdyr.
Sergidäki sungat eserlerinde behişdi bedewleriň türkmen durmuşyndaky orny, onuň watansöýüjilik, terbiýeçilik ruhundaky ähmiýeti hem şöhlelendirilipdir. Muňa milli häsiýetli, durmuşy we taryhy eserlerde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Serginiň aýratynlygy, bedewleriň şöhratly ýoly bilen tanyşmaga-da mümkinçilik döredýär.
«TürkmenGazet».