SliderŽurnalistiň sahypasy

Bedewler — türkmeniň pelsepesi

18-04-2022 / 18

       Mekdep döwürlerimizde bizi okadan mugallymlaryň biriniň aýdan sözi henizem ýadymda: «Düýe malyny satyn almak üçin ummasyz  köp  pul  gerek, ýöne  bedew atyň bahasy ondan hem gymmat». Şol wagt bu sözlere kän bir ähmiýet bermedigem bolsam, gyz gylykly, bürgüt deý duýgur, eýesine wepaly, ynsana duýgudaş, syrdaş bedewleriň, aslynda, bahasyzdygyna soň göz ýetirdim.

       Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halkymyz gamyşgulak, owadan, ýyndam bedewleri bilen ähli döwürlerde hem meşhurlyk gazanypdyr. Ynsan ýaly syzgyr jandary halkymyz geçmişden şu güne çenli özüne ýakyn dost saýyp gelýär. Bu bolsa atyň adama mahsus gylyk-häsiýetleriň birnäçesini özünde jemleýändigini tassyklaýar.
       Türkmen halkynyň bedew aty bilen dostlugy müňýyllyklaryň çuňlugyny boýlaýar. Taryhyň sahypalarynyň islendik birinde halkymyzy gamyşgulak bedewlersiz göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem edebi mirasymyzda-da, milli gymmatlyklarymyzda-da bedewe bolan söýgi, belent sarpa mynasyp ornuny tutýar. Atyny ýakyn dosty saýan halkymyz oňa ideg etmegiň hem asyrlaryň tejribesini geçen kämil ýollaryny özleşdiripdirler. Şol sebäpli-de, bedewler — türkmeniň pelsepesi diýip, emgenmän aýdyp bileris.
       Ynsanyň bedew ata bolan hormaty juda beýik, belki, şonuň üçindir, adamzat taryhy hakynda söz açylýan uçurlaryndan başlap, bedewli kyssalar hem ýan-ýana ýatlanylyp gelinýär. Müňýyllyklary aşan müň dürli ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar – bularyň haýsy birini alyp görsegem, bedew atyň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan, başyna ne gelse-de ýanyndan aýrylmaýan hemrasydygy teswirlenýär.
       Baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda bedewlere goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän täze dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ylmy-önümçilik merkezi gurulýar. Şeýle hem türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Olimpiýa stadionyndaky atyň heýkeliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
       Behişdi bedewler milli hem-de dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewi biziň üstünliklerimiziň, täze taryhy eýýamyň nyşanyna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganatyna, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň zynatyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu