
«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask ýaňy-ýakynda «Twitter» kompaniýasynyň iň uly paýdary boldy.
Mask mikrobloglar platformasyny doly özüne almak isleýär. Planetamyzdaky iň baý adam, «Twitter»-iň umumy aksiýalaryny satyn almak üçin 43,4 milliard dollar teklip edipdir. Şeýlelik bilen resminamalar ABŞ-nyň Gymmat bahaly kagyzlar we biržalar komissiýasyna iberilipdir.
«Bloomberg»-iň habar bermegine görä, öz nazaryndan «iň gowy we soňky» teklibi beren Ilon Mask kompaniýanyň ägirt uly potensialynyň bardygyny öňe sürüp, şol potensialy açmaga synanyşar.
Maskyň nobatdaky marketing ýörişinden soň, 14-nji aprelde «Twitter»-iň aksiýalary 12 göterime çenli ýokarlandy.
«TürkmenGazet».