«Ego» düşünjesi biziň gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan duş gelýär. Ol latyn sözi bolup, «men-menlik» diýmekligi aňladýar. Filosof Z.Freýdiň filosofiki garaýyşlarynda «ego» adam psihikasyny we ösüşini aňladýan psihologiki termin hökmünde suratlandyrylýar.
Aslynda, egosyz adam bolup bilermi?
«Ego» sözüniň manysyna, köplenç, negatiw tarapdan düşünilýär. Ýöne şeýle-de bolsa, ego her bir adamda bar bolan zat. Aslynda, ego duýgusyny nädogry ulanmazlyk negatiw netijelere sebäp bolup biler.
Egoist adamy nädip tanamaly?
Egoist adam özüni dünýäniň merkezi hasaplaýar. Özbaşyna dünýäsini döredip, şol dünýäniň iň dogruçyl adamy hökmünde özüni görýär. Bu ýagdaý belli bir derejede saglyk üçin hem ýaramly däldir. Esasan hem egoist adamlar örän kiçijik ýeňlişe sezewar bolanda hem uly psihiki ruhdan düşmäni başdan geçirýärler. Olar gaharjaň, ulumsy bolýar. Bu bolsa olar hakda daş-töweregindäkilerde erbet pikirleri döredýär.
Egoistleriň köp ulanýan sözleri:
Men iň owadan;
Ilki meniň diýenim bolmaly;
Men iň üstünlikli adam;
Men hiç wagt ýalňyşmaýaryn;
Men iň gowusy;
Men hiç kimden kömek soramaýaryn we ş.m.
Men-menlik duýgusy zyýanly häsiýet bolup, käte bu häsiýetiň zerarly jemgyýet tarapyndan ýazgarylyp bilersiň. Ego meselesinde adamyň öz isleginiň we jemgyýetiň ony kabul edişiniň arasynda deňagramlylyk ýüze çykýar. Şol sebäpli hem artykmaç ego duýgusy biziň jemgyýetdäki ornumyza hem täsir edýär.
Çeşme: www.milliyet.com.tr