- Adam bilen işleýän ilkinji gury ýer ulagy 1418-nji ýylda Jowanni Fontana tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.
- «Welosiped» terminini ilkinji gezek 1860-njy ýylda fransiýalylar ulanypdyr.
- Ilkinji dag welosipediniň makedi 1977-nji ýylda işlenip düzülipdir.
- Häzirki wagta çenli ýasalan iň uzyn welosipediň uzynlygy 20 metrden gowrak bolup, bu welosipede 35 adam ýerleşipdir.
- Ortaça welosipeddäki bölekleriň ýarysy zynjyrda ýerleşýär.
- Tsugunobu Mituishi 1965-nji ýylda Ýaponiýada welosipedde 5 sagat 25 minut dereje bilen welosipedde iň köp durmak rekordyny goýdy.
- Meşhur amerikaly welosipedçi Lans Armstrongyň ýüregi adaty ýagdaýyndan 1/3 uludyr. Ýagny, adaty ýürekden takmynan 33% uly hasaplanýar.
- Dünýäde, takmynan, 1 milliard tigir bar diýlip çaklanylýar. Bu bolsa dünýäde welosipedleriň motosikllerden, takmynan, iki esse köpdügini aňladýar.
- Her ýylda, takmynan, 150 million welosiped öndürilýär.
- Diňe ABŞ-da 10-dan 4000-e çenli agzasy bolan 400-den gowrak welosiped kluby bar.
- Häzirki wagtda welosiped, esasanam ösen ýurtlarda şäher transportynyň iň meşhur serişdelerinden biri hasaplanýar.
- Geçirilen gözlegler welosiped heläkçiliginiň 74%-de welosipedçiniň kellesinden şikes alýandygyny we ömrüni ýitiren tigir sürýänleriň takmynan 97%-iniň kaska geýmändigini görkezýär. Welosiped kaskalary bolup biljek betbagtçylyklarda kellä zeper ýetmeginiň öňüni almakda 85% üstünlik gazanýar.
Ata BERDIGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.