15-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Açyk gapylar» güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki 21-nji, 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebimiz barada institutymyzyň mugallymlary we talyplary tarapyndan maglumatlar berildi. Soňra mekdep okuwçylary institutymyzyň baş binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide kafedralaryň alyp barýan işleri, institutymyzyň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de ýokary derejede guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar institutymyzyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, kitaphanalary, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary hem-de institutymyzda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň işi bilen içgin tanyşdyryldy. Ýokary okuw mekdebimiz barada geçirilen «Açyk gapylar» güni mekdep okuwçylarynda biziň institutymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.