SliderŽurnalistiň sahypasy

Muzeýe syýahat — taryha zyýarat

15-04-2022 / 18

Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni — muzeýler. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde hem aýdyň duýup bolýar. 

Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Muzeýlerimiz dürli taryhy gymmatlyklara baýdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we onuň milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin döreden mümkinçiliklerinden başlanan ýolçulyk hakyky taryhyň jümmüşine sary uzap gidýär. Halkymyzyň baý taryhyny ädimme-ädim, ýylma-ýyl diýen ýaly teswirleýän ýazgylar gadymy tapyndylar bilen aýdyň görkezilýär. Mundan ýüzlerçe däl, müňlerçe ýyl ozal adam eli bilen ýasalan dürli gap-gaçlar, aw gurallary, öý-hojalyk esbaplary durşy-durky bilen täsinlik. Şol wagtky ýaşaýyş durmuşynyň her bir pursadynyň panorama şekilinde berilmegi bolsa taryhy sahypanyň bir parçasyny hut şu ýerde ornaşdyrylan ýaly görkezýar. Bölümlerden bölümlere, ýyllardan ýyllara geçeniňde ýasalýan zatlaryň kämilligi adamzat durmuşynyň barha kämilleşýändiginiň subutnamasy bolup ýaňlanýar. Muňa garamazdan, şol müňýyllyklarda hem iňňe, iňňebagjyk ýaly ýa-da saça dakylýan dürli bezeg şaýlarynyň bolmagy bu toprakda ýaşan eždatlarymyzyň özlerine serenjam bermek babatda akylly-başly häsiýetlere eýedigini görkezýär. Dürli nagyşlar, sekizburçluk şekilleri, möhürler täsinden täsin. Olar şeýle bir inçelik bilen sünnälenip ýasalypdyr welin hat-da soňraky ýyllarda ýasalan käbir esbaplary, serişdeleri häzirki döwrüň ösen tehnikasy bilen ýasajak bolsaň hem epesli yhlas siňdirmeli boljakdygy düşnükli zat. 

Muzeýe syýahat etmek bu taryhyň habaryny saklaýan zatlaryň huzuryna salama barmakdyr. Olar taryhyň hut özi. Olarda şol ýyllaryň we şonça ýyllaryň ruhy saklanýar. Olarda geçmişiň ýaňy bar. Şol täsir hem her barana, görene täsir edýär. Muzeýleriň beýleki mesgenlerden utýan tarapy bu ýerde ähli taryhy ýadygärliklerden tapylan gadymy gymmatlyklar bar. Hut şonuň üçin hem muzeýe aýlanmak, şol keramatly ýerleriň ählisine diýen ýaly zyýarat-syýahat etmekdir. Üstesine, bu ýerde özüňi gyzyklandyrýan her bir taryhy sowala degerli jogap tapyp bolýar. Her bir zady üns bilen synlaýarkaň, seriňde döreýän täze pikirler, ylma ymtylyşlar, maksada okgunly çemeleşmek, gözellige we sungata doly düşünmek islegi, mahlasy, geljegiňe degerli köpsanly pikirler seriňe hemra bolýar. Hem ruhy ylhamlar, hem baý taryhy maglumatlar bilim goruňy artdyrýar. Her bir taryhy gymmatlygyň örän gyzykly kyssasy, wakasy bar.  Bu bolsa watansöýüjilik ruhy bilen ýaşaýan ýaşlara has uly täsir edýär.

Gurbangözel RAHMANOWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu