Gadymy döwürde ýaşap geçen akyldarlaryň ýazgylarynda bellenilişine görä, ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr. Kim öwrense, öwrenen zadyna amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň mysaly hoşboý ysly müşk ýalydyr. Müşküň özüniň hoşboý ysy bar we ol özgelere-de ýakymly ys ýaýradýar. Öz ylmyndan özi peýdalanman, başga kişiler peýdalanan kişi barada şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr:
Ol kişiniň mysaly göýä bir şem ýalydyr,
Özgä berer ýagtysyn, ýanmak oň ykbalydyr.
Ylym öwrenmegiň we ony amal etmegiň esasy kadalary birnäçe wezipäni özünde jemleýär. Olaryň esasysy — ahlagy bozujy nebisden we oňlanylmaýan wasplardan päklenmedir. Şeýle-de ylymdan daşlaşdyrýan zatlara azrak meşgul bolmakdyr. Çünki olar kalbyň ünsüni ylymdan sowýar. Şonuň üçin: «Sen tutuş göwräň bilen ylma berilmeseň, ylym bir bölegini hem bermez» diýlipdir. Eger sen durşuňa ylma berilseň, onda ylym saňa berler. Munuň özi çeşmäniň suwunyň bir böleginiň ýere siňşi we beýleki bir böleginiň asmana bugaryşy ýalydyr. Bir ylmy kämil özleşdirmezden, başga ylmy öwrenmäge girişmezlikdir. Çünki ylymlar öwrenmek üçin zerurlyk bilen tertibe salnandyr. Olaryň birinde beýlekisine alyp baryjy ýol bardyr. Şol tertibi, şol basgançaklary geçmezden, bir ylymdan başga ylma düşüp bolmaz. Ylmyň hormatly hasaplanmagynyň sebäplerini bilmekdir. Bu ýerde iki sany zat göz öňünde tutulýar. Olaryň biri ylmyň netijesiniň hormatly bolmagydyr, ikinjisi bolsa ylmyň delilleriniň ygtybarly we kuwwatly bolmagydyr.
Ylym öwreniji kalbyny ham-hyýallardan päkläp, ýagşy maksatlara gönükdirmelidir. Ol ylym öwrenmekden wezipe mal, mertebe gazanmagy, jedelde nadan adamlardan deň-duşlaryndan üstün bolmagy maksat edinmeli däldir.
Ylym kalplardaky nadanlygy ýok ediji dirilikdir, göreçlere garaňkylygy ýagtyldyp görkezýän nurdur, bedenleri ejizlikden halas edýän güýçdür.
Ogulşat DURMUŞOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.