Oksford uniwersitetinde nano-elektromehaniki ulgamlaryň üstünde işleýän türk gözlegçi Utku Emre Ali, fazany üýtgedýän nanomaterial bilen akylly enjamlaryň batareýasynyň ömrüni 60 göterime çenli ýokarlandyryp biljek tehnologiýanyň synaglaryny gözden geçirişini tamamlady.
Tehnologiýanyň çalt ösmegi sebäpli akylly enjamlar indi durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, tehnologiki enjamlaryň, esasan hem smartfonlaryň iň uly meseleleriniň biri batareýasynyň ömri hasaplanýar.
Habarlara görä, Utku Emre Ali 2017-nji ýylda ITU elektronika we aragatnaşyk inženerçilik bölümi boýunça birinjiligi eýelän, ultrases barlagy boýunça aspiranturany tamamlan hem-de 2018-nji ýylda Oksford uniwersitetiniň materiallar ylymlary bölüminde doktorlyk derejesini alypdyr.
Türk gözlegçisi tarapyndan synagdan geçirilen tehnologiýa önümçilige ornaşdyrylsa, akylly telefonlar, goşar sagatlary, radiolar, telewizorlar, kompýuterler, öý awtomatlaşdyryş ulgamlary we awtoulaglar ýaly akylly enjamlarda has az sarp ediliş bilen has çalt maglumat tizligi gazanylar.
«TürkmenGazet».