Bu barada gazetiň 14-nji apreldäki sanynda habar berildi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyny dykgatyňyza ýetirýäris:
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr. Milli jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky alada meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde, ýaş žurnalistleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmekden we täze eserleri döretmäge ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly, publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.
Ýaşlar bäsleşige hödürleýän eserlerini «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly bäsleşige» diýen ýazgy esasynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul ediler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary tarapyndan baha berler.
Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.