13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşlik ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
«TürkmenGazet».