18-nji aprele çenli dowam etjek telekeçileriň sergisine ýurdumyzyň esasy onlaýn internet serişdeleriniň biri bolan «Turkmenportal» ilkinji gezek gatnaşýar. Ol maglumat önümlerini, IT hyzmatlar, marketing hem-de PR tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyldan bäri hereket edip gelýän TURKMENPORTAL.COM — türkmen internetiniň iň köp peýdalanylýan maglumatlar ätiýajydyr. Bu ýerde täzelikler, habarlar gyzgyny bilen taýýarlanylyp, okyjylara ýetirilýär. Ulanyjylar bu saýtdan özlerine gerekli maglumatlary tapyp bilýärler.
Şeýle-de sergide IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalar — «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi» we beýlekiler öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw maksatnamalaryny, «akylly» öýleriň taslamalaryny hödürleýärler.
«TürkmenGazet».